Hajyýew merhum žurnalisti ‘arakhorlykda’, zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady

Hajyýew merhum žurnalisti ‘arakhorlykda’, zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady

4.920 Lượt nghe
Hajyýew merhum žurnalisti ‘arakhorlykda’, zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady
Şu günki programmamyzda: - Ankaranyň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow tussag edilmegine protest bildirip açlyk yglan etdiler. Olaryň biri 28-nji aprelde Sinop şäherindäki öýünden polisiýa tarapyndan alnyp gidildi, beýlekisi şol gün migrasiýa edarasyna hasaba durmak üçin çygyryldy. Türkiýede kanun esasynda ýaşaýan tükmenistanlylaryň ikisi-de bir günde saklanyp, Ankara alnyp baryldy. - Türkmen wekiliýeti BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Ženewada geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda merhum bolan habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň häkimiýetler tarapyndan yzarlamalara sezewar edilmändigini hem-de onuň ‘arakhor bolandygyny’ öňe sürdi. - Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Moskwada geçiriljek Ýeňiş gününiň dabaralary bilen baglylykda Ukrainada üç günlük ýaraşyk ornaşdyrmak baradaky teklibini tankyt etdi. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar